Howurly, gaty yssy, gurak ýel, jöwza.
Yzly-yzyna birnäçe gün össe, heniz eýikmedik gowaçany goratjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Bu gü düýnki ýaly ýalawly epgek ýokdy. Epgek halys ýüregimize düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Güýçli epgekler ekinleri guradýar. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem epgek - epgegi.