Garasy uly, daýaw, ullakan; asylly, agras.
Uzyn sakgal onuň bütin görnüşine epeý adamyň sypatyny berýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Myrat epeý adamlaryň öz öňünde hyzmat edip ýörüşlerinden utandy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Stoluň başynda egni gyrmyzy donly bir epeý adam otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol epeý adamdy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)
Onuň göwresi gapy ýaly örän epeý bolsa-da, iki ujuny ýeňsesinden çatybermeli murty ýok. («Tokmak» žurnaly)
Göçme manyda Uly-uly, köp; gopbamsy, ulumsy.
Ol epeý sözledi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)