enterpelek en‧ter‧pe‧lek

enterpelegini öwürmek

Her hili sözler bilen biriniň başyny aýlamak, gaşyny-gözüni aýlamak, aljyratmak; dagatmak, çaşyrmak.

  • Ýene-de nire-de bolduň, näme etdiň! -- diýip, enterpelegini öwürýärsiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Enterpelegimizi öwürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Munuň hem enterpelegini öwrüp, diline badak atylan ýaly ederin. (N. Pomma, Egri Eýikmez)