entemek işlik

  1. Deňagramlylygy saklap bilmän iki baka çaýkanmak, yranmak, entireklemek.

    • Ol göýä diýersiň, aýaklanmadyk köşek ýaly enteýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ol turmakçy boldy, emma entäp, zordan ýerinden turdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Emma pýan bolup, entäp ýörenlerine kän gabat gelmersiň. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Göçme manyda Biderek ygyp ýörmek, işsiz aýlanyp ýörmek, gezip ýörmek.

    • Onda-munda entäp ýörmek. Gören ýerde entäp ýörmek.

  3. Göçme manyda Mal-mülksüz galmak, garyp düşmek, batmak, lüt düşmek.

    • Bular seniň sähel entäniňi bilseler, ýaňsäňe deperler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Horluk çekmek, kynçylyk görmek.

    • Gara gyşyň ýagy ýaly sowgunda, Egin-eşiksiz entäp suwuň çekerdiň. Gije-gündiz entäp lüti çykýardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  5. Göçme manyda Bir zadyň yzynda sergezdan bolmak, bir zat üçin kynçylyk çekmek.

    • Onuň yzynda entänler az bolmady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň eteginde)

entäniň eline el ýetirmek

Kynçylyga, agyr ýagdaýa düşen adama kömek etmek, ony dogry ýola gönükdirmek, goldamak.