entek

Heniz, häzir, şu wagt.

  • Emma Wepa entek kiçijikdi, onuň gözleri oýnap durýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Entek Gün Ýokary galmandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Ýöne weli, entek obadan çykyp gitjek däldigimi aýtdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Entek otur-da, bir nahar edin! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem entek - entegi.