[enja:m]
Bir zat etmek üçin gerek bolýan abzallar, iş gurallary.
Soňra operasiýa üçin zerur bolan enjamlary taýýarlamagy öz kömekçisine buýurdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Senagat enjamlary.
Hojalykda ulanylýan zatlar, gurallar.
Kynçylykdan, kyn ýagdaýdan çykmaklyk alajy, bir işi amala aşyrmagyň çäresi.
Gaçmaklykdan başga tapmaz enjamy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýöne indi tizräk oba ýetmäniň enjamyny etmek gerek! -- diýip, ýaňadandan gürrüňi dowam etdi. (B. Seýtäkow, Kümüş)