enelik e‧ne‧lik

  1. Enäniň ýagdaýy, ejelik.

    • Ol ýyl ýarym içinde ikinji döwürden üçünji döwre: gyzlykdan gelinlige, gelinlikden enelige geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Öweý ene, öweý eje.

    • Şol wagt Wepanyň eneligi geldi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Aýna gapydan çykyp, enelige syn etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Enesiniň öz çagasyna bolan mähri, duýgusy, aladasy.

    • Anna Petrowna ony enelik mähri bilen gujaklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Enelik mährini duýdum. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Men bir enelik borjumy ýerine ýetirip, öz etjegimi edeýin, sen onsoň nähili isleseň, şonuň ýaly ýaşa! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem enelik - eneligi.


Duş gelýän formalary
  • enelige
  • eneligi
  • eneligim
  • eneligini
  • eneliginiň
  • eneligiň
  • enelikden
  • eneliklere