ene

  1. Kakanyň ejesi.

    • Ejem, bajym, garry enem guwanyp, Öpdüler gujaklap, aýdaryn saňa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Çaganyň ejesi.

    • Oglum, eneň ikimize kitap okap berer ýaly seni molla bermekçi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Bir seniň garry eneň öz öýüni saklap otyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Owlak, guzy we ş. m. dogran mal.

    • Owlak enesini emýärdi.

  4. Birnäçe gezek döle gelen, guzlan mal.

    • Ene sygyr.

  5. Ruhy taýdan endik etmek boýunça özüňki, özüňe degişli.

    • Men söýýärin ene ýurduň çasly akýan çaýlarny. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ene süýdünden halal!

Öz zähmeti siňen, kişi goşandy bolmadyk, hut özüniňki, ogurlyk däl.

  • Ene süýdünden halal, şu günüň özünde men size bir horjun pul eltip bereýin! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Men hiç kimiň malyny talamok, men ata-babamdan galan, ene süýdünden halal öz zähmet hakymy ele saldym. («Türkmen pýesalary»)

eneden bolmak

Dünýä inmek.

eneden dogma

Baryp ýatan, bütinleý, bütin ömründe şeýle, hemişe, mydama.


Duş gelýän formalary
  • ene-de
  • enede
  • eneden
  • enedi
  • enedigine
  • enedir
  • eneler
  • eneler-de
  • enelerde
  • enelerden
  • enelere
  • enelerem
  • eneleri
  • eneleridir
  • enelerim
  • enelerimi
  • enelerimikä
  • enelerimiz
  • enelerimize
  • enelerimizi
  • enelerimiziň
  • enelerin
  • enelerinde
  • enelerinden
  • enelerindäki
  • enelerine
  • enelerini
  • eneleriniň
  • eneleriniňem
  • eneleriň
  • eneleriňde
  • eneleriňem
  • eneleriňizi
  • enelermi
  • eneli
  • enelige
  • eneligi
  • eneligim
  • eneligini
  • eneliginiň
  • eneligiň
  • enelik
  • enelikden
  • enem
  • enemden
  • enemdir
  • eneme
  • enemem
  • enemi
  • enemiz
  • enemizden
  • enemize
  • enemizem
  • enemizi
  • enemiziň
  • enemiň
  • enesem
  • enesi
  • enesi-de
  • enesidi
  • enesidir
  • enesin
  • enesinde
  • enesinden
  • enesindenem
  • enesine
  • enesinem
  • enesini
  • enesiniň
  • enesiniňem
  • enesiz
  • enesizi
  • enesizleri
  • enesizlik
  • eneçe
  • eneň
  • eneňde
  • eneňden
  • eneňdir
  • eneňe
  • eneňem
  • eneňi
  • eneňiz
  • eneňizden
  • eneňize
  • eneňizi
  • eneňiziň
  • eneňiň
  • enä
  • enäni
  • enäniň
  • enäniňem
  • enäniňki