[ena:ýy]
Gowy, owadan, görmegeý, täsin, ajaýyp, geň, biriniň ýa-da bir zadyň daşky görnüşiniň, içki mazmunynyň, hereketiniň oňatlygy, ýakymlylygy.
Ýylpyldaşyp galan enaýy ýaşyl ýapraklar agaçlaryň heniz ýalaňaç endamlaryny bütinleýin örtüp bilmändir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Seniň üçin, gyzym, enaýy bir sowgat hem taýýarladym. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Ol, enaýy saýraýan sargylt bilbili görmek niýeti bilen, ondan-oňa ylgaýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Enaýy ýylgyrşy Begenje birhili gaýrat getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)