emläk

Birine, köpçülige degişli bolan zat, mal-mülk, baýlyk.

  • Emma welin, Türkmen obalarynyň emläk deňsizligi göz-görtele görünýärdi. («Mugallymlar» Gazýeti)

  • Kärizdäki emläginiň ýanýan sesi gulagyna ýeten badyna, Gulman arçyn ylgap eýwana çykypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Artykjan, meniň bütin emlägim seniňki! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem emläk - emlägi.

patyşalyk emläk

Patyşanyň garamagynda, ygtyýarynda bolan mülk, ýer we ş. m. zatlar.