emjek

Organizmiň bir bölegi, süýt öndürýän, ýygnaýan organ, göwüs, ýelin.

  • Nabat bolsa sygryň emjegini çekeläp, süýt sagýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aýna ellerini düýäniň emjegine ýetirse-de, süýt sagara gaby ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem emjek - emjegi.

aglamadyk oglana emjek ýok!

Gerek zadyň aladasyny özüň etmeklik.

kyrk emjek

Belli sözsüz, ýalançy, her kime bir zat aýdyp, hiç birini hem etmeýän, ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaýan (adam).

  • Heý, kyrk emjeginiň her kime birini tutup berýän ýalançy aýy! (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)