emeli

[emeli:]

  1. Tebigy bolmadyk, ýasama, hakyky ýaly edilen, hakyka meňzedilen.

    • Bu gyzyň ýüzünde emele bezegden hiç bar nyşana ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Emeli ýagşyň hem bolmagy mümkin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Iş ýüzünde amala aşyrylýan, praktiki.

    • Gäminiň ýöremegini oňatlaşdyrmak üçin, emeli çäreleri geçirmek zerur bolýar. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • emeli-de
  • emelidigini
  • emelidir
  • emeliligi
  • emeliligine
  • emelini
  • emeliniň
  • emeliň
  • emeliňi