emel at

  1. Hilegärlik, mekirlik, ýeserlik, aldaw.

    • Onuň bu emeli birinjiden özüni duşman edip görkezse, ikinjiden onuň janly güýjüni ysgyndan gaçyrmak üçin uly serişde boldy. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

    • Bir ýerde emel bar bolsa, hemmesi edildi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Bir zady amala aşyrmagyň, kynçylykdan çykmagyň täri, ýoly, usuly.

    • Şoňa görä-de başga bir emel oýlap tapmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Söweş emelini bilip almaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Men saňa bir emel öwredeýin. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  3. Türkmen göreşinde pälwanlaryň ulanylýan tilsimleri.

  4. Matematiki hasaplamanyň esasy görnüşi.

    • Arifmetikanyň dört emeli.

emele gelmek

  1. Döremek, ýüze çykmak, peýda bolmak, hasyl bolmak;.

  2. Gögermek, bitmek.

    • Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

öz emeline özi çolaşmak

Öz eden pyssy-pujurçylygy üçin özi günäkär bolmak, özi zyýan çekmek.