em1

  1. Keseli bejeriş serişdesi, çäresi, derman.

    • Ol, keseliň emini salgy berip gutaran eken. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Oglum, hiý muňa em salgy bererligiň ýokmy? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Başga nähili em barka? ! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Kynçylykdan, agyr ýagdaýdan çykmaklyk çäresi, täri, alajy.

    • Onuň edeni em bolmalydyr diýýän sözlerine-de biraz imrindi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Henize çenli em tapyp bilmän gelýärler. («Tokmak» žurnaly)

em etmek

  1. Keseli bejermek, birini keselden gutarmak üçin medisina serişdelerini ulanmak, keseliň garşysyna çäre görmek.

    • Muňa näme em etmeli bolarka?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Tizräjik em etsin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Kynçylykdan çykarmak, çäresini tapmak, agyr ýagdaýdan gutarmagyň alajyny etmek.

    • Daýhanyň ýarasyna em etmek ýerine, Gulluhan ýalylar ony gaýta talady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sen maňa derýada suw hödürleme-de, eliňden gelse, derdime em et! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

em2

«M» harpynyň ady.