eltmek işlik

  1. Bir zady bir ýere özüň bilen alyp barmak, äkitmek, gowşurmak.

    • Uly dogany pili begene-begene öýüne eltipdir. (K. Jumaýew, Dört dogan)

  2. Bir zada sezewar etmek, duşurmak, uçratmak, duçar etmek.

    • Bir işiň üstünden eltjekdiň, eltdiň-de dyndyň! («Görogly» eposy)

  3. Goýbermek, ýakynlaşdyrmak, ýakynyna bardyrmak.

    • Köplenç wagt düýeler öz öňüne dökülen otuna başga mallary eltmeýärler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)