ellik el‧lik

Ele geýdirmek üçin matadan, ýüplükden, gaýyşdan edilýän zat, önüm.

  • Sag elinden çykaran gaýyş elligini epleşdirip başlady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Sag eliniň elligini çykaryp, täzeden gapyny kakyp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Men hem ellik, jorap örýän. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ellik - elligi.


Duş gelýän formalary
  • elligi
  • elligim
  • elligini
  • elligiň
  • ellikdir
  • ellikler
  • elliklerde
  • elliklerdir
  • ellikleri
  • ellikleridir
  • elliklerinde
  • elliklerinden
  • elliklerini
  • ellikli