elip e‧lip

[eli:p]

  1. Arap elipbiýiniň birinji harpy.

    • Diýmek, Geldi bir ýylyny elipden başlap ebjetdi geçirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Mala basylýan tagma.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem elip - elibi.

elip ýaly

Dik, göni, syrdam.

  • Elip ýaly göwre meňzeýär ýaýlara. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

elipden şermende

Sowatsyz, okamagy, ýazmagy bilmeýän.

  • Şyh elipden şermende halyna Magtymgulynyň kitabynyň sahabyny açdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • elibe
  • elibiň
  • elipden
  • elipdim
  • elipdir