Geň galmak, haýran galmak, üýşenmek, çekinmek.
Elheder alyp duran ýerlerinden ýangyna seredýärler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Hatda ýasan ussa gelse-de, elheder alar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gorkmak, heder etmek, ätiýaç etmek.
Şu wakalary gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip ýörenler, mugallymlar ondan elheder etmän durmadylar. («Mugallymlar» Gazýeti)
Demirçi oglunyň mamladygyny duýýar, emma onuň özüni alyp barşyndan elheder edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)