elem-ebtat e‧lem-eb‧tat

[elem-ebta:t]

  1. Ýyrtyk-ýirik, eleşan.

    • Eşigi elem-ebtat adam.

  2. Aljyraňňy, howsalaly.

    • Munuň üstesine-de Garlynyň elem-ebtat bolup gelmegi onuň zähresini ýarypdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Hoşgeldi oňa: --Ýeri, elem-ebtat bolup gaçmaň näme?! -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)