elek e‧lek

Elemek üçin halka gözenek çekdirilen esbap.

  • Dagyň depesinde irigöz elekden ýumşak un elenýän ýaly bolup, ownuk gar sepelenip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çagajyklar heşerlenişip galanlarynda, möjek guýrugy elek ýaly bir toklyny idirdedip gelipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)

  • Ondan soň hatar arasyny 12-15 santimetr çuňlukda ýumşadyp, elekden geçen ders bilen basyrdyk. («Mugallymlar» gazeti)

  • Ol kiçijik elegi maňa ber! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem elek - elegi.

elekden geçirmek

Her bir tarapdan barlap görmek, barlamak.

  • Nagyşlandyr ak kagyzyň ýüzüni, Geçirip elekden her bir sözüni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Artyk olaryň baryny akyl eleginden durlap geçirip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men şu ýerde aýtjak sözlerimi ençeme gezek elekden geçirdim. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • elege
  • elegi
  • elegin
  • eleginde
  • eleginden
  • elegine
  • eleginiň
  • elegiň
  • elekde
  • elekden
  • elekdi
  • elekdigini
  • elekdir
  • elekdäki
  • elekler
  • eleklerde
  • eleklerden
  • eleklere
  • elekleri
  • eleklerinde
  • elekleriniň
  • elekleriň
  • elekli
  • eleksiz