[elýa:glyk]
El-ýüz süpürmek üçin dört burç görnüşli mata bölegi.
Elýaglygy bilen derini süpürdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Elýaglygy bilen agzyny, burnuny süpürişdirip, nas atdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ol öz hilesiniň üstüni örtmek üçin, agzyny-burnuny towlap, janygyp gepledi, käte-de elýaglygy bilen gözüni süpürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem elýaglyk - elýaglygy.