el1 at

Adamyň iki egninden aşak sallanyp durýan organy, gol.

  • Ol aýalyň elindäki çüýşe ýere gaçdy-da döwüldi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Aýsoltan ejesiniň eline agram bermän, ýeňillik bilen ýerinden galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol öz eliniň pyçakly jübüsine baranyny duýman galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Şol wagt hem elim kesewi, saçym sübsedi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

el alyşdyrmak

  1. Ýaraşdyrmak, barlyşdyrmak;.

  2. Nikadan soň öýlenen ýigit bilen gelni elleşdirmek, ellerini biri-birine berdirmek.

el barmazlyk

Bir işi edip bilmezlik, başarmazlyk, dözmezlik.

  • Dogrymy aýtsam, tüpeň atmaga meniň-ä elim barjak däl! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emma hiçbir zada elim baranok. (A. Kekilow, Söýgi)

el berişmek

Iki tarapyň hem bir zada bolan razyçylygyny görkezýän hereket, biri-biriniň elini tutmak, elleşmek.

el bermezlik

Başartmazlyk, eýgertmezlik, tutdurmazlyk, baş bermezlik, tapdyrmazlyk.

  • Eýsem seniň el bermän gaçyp ýörmäň dogrumy?! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ol bize el bermez. («Görogly» eposy)

  • Sen at üstünde el bermediň. («Görogly» eposy)

el bulamak

  1. Eliňi hereketlendirip, bir zat etmekligi duýdurmak, çagyrmak.

    • Ýuka ýüpek köýnekli bir gyzyň el bulaýany göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Menem biabraýçylaga el bulap, özüme baka çagyramok ahyryn! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir işe gatyşmak, goşulmak.

    • Men bu işe elimi bulamak islemeýärin.

el çarpmak

Razyçylygyň, makullamagyň alamaty hökmünde eliň aýasyny biri-birine urup ses çykarmak.

  • Her gezek perde düşende, ol aýaly bilen birlikde guwançly el çarpdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Kä ýerde olar ellerini çarpýardylar. (H. Ysmaýylow, Powestler)

el çekmek

seret el götermek

  • Men nähili bolsa-da ol ýaşulydan el çekjek däldim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Biz-ä, ogul, Nurjan ikimiz şu öýden el çekmäge mejbur bolduk. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Sen beýle birehimlikden el çek! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Heniz hem giç däl, gitmek pikiriňden el çek! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

el degirmek

seret el urmak

  • Indi maşgala «el degrip» başladylar. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

el degmek

  1. seret el ýetmek

    • Meniň oýnamaga elim degenok! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)

    • Bular başyma şeýle bir iş getirdi welin, heý sen goýaý, hiçbir zada elimiz deger ýaly etmediler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Oňa-muňa çykmaga elimizem degenok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Tez bolmaklyk, baş öwredilen bolmak; ulanylýan bolmak, täze bolmazlyk.

    • El degmedik zat.

  3. Bozulmak, namysa degilmek.

    • Şäheriň iň owadan, el degmedik näzik gyzy içki geýimindedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Olar, belki, «el degen» gyzdan çekinerler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

el galdyrmak

seret el götermek 1-4

el garmak

Bir zada goşulmak, el urmak, bir zady öz tarapyňa geçirmek, almak.

  • Agasynyň malyna, el garyp, bäş-alty goýny iýdi. («Görogly» eposy)

el gatmak

seret el urmak

  • Sen ýene-de halkyň zähmetine el gatýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Maňa eliňe degräýseň, «el gatdy» diýip äleme jar ederin! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

el gaýtarmak

Uran, urup horlan adama fiziki güýç bilen jogap bermek, özüni urmak bilen gaýtawul bermek.

  • Eger oňa el gaýtarsam, onuň maňa hezil bermejedigine gözüm ýetýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Görogly edeplilik edip, el gaýtarman saklandy. («Görogly» eposy)

el görkezmek

Bir iş üçin bir zat bermek, para bermek.

el götermek

  1. Birini ýa-da bir zady saklamak, duruzmak, birine bir zady aýtmak üçin goluny ýokary galdyrmak.

  2. Biriniň buýrugy boýunça eliňi ýokary galdyrmak.

    • Eliňi göter!

  3. Öz razyçylygyny bildirip ses bermek.

    • Ýok, Ýefimowa el göterip bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýa özüňe el götermeli bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biziň el götermejegimizi bilýär. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  4. Urmak, ýençmek.

    • Indi bu ýigide eliňi göterseň, soňunu özüňden gör! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bolmasa, hiç wagt perzendine el götermek kakasy ony beýle rehimsiz urmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Bir zatdan dänmek, araňy açmak, saklanmak, daşlaşmak, bir zada gaýdyp ýanaşmazlyk, bir zady taşlamak, terk etmek.

    • Ol bu pikirden el göterdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Şu päliňden el göter! («Tokmak» žurnaly)

    • Şu käriňden el götergin! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

el salgamak

Eliňi hereketlendirip, bir tarapy görkezmek, ünsüni bir zada çekmek.

  • Özüniň yzy bilen aljyraňňylykda, tamdan çykan polkownik bilen ofisere el salgap, gör, nämeler tabşyrdy. (B. Soltannytazow, Kümüş)

el sermek

  1. Bir zat bermeklerini haýyş etmek, bir zat dilemek, kömek soramak.

    • Ýarym ýalaňaç çaga köçede el serip dur. (R. Seýidow, Bagtlylar)

    • Emma weli çörek diläp, Kişä elin sermedik gyz. (K. Gurbannepesow, Goşgular)

  2. Özüni aldyrjak bolmak, götertjek bolmak (çaga hakda).

    • Her görene el serip, «eje» diýip aglajak. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

el süýdüni bermek

Özüňden önen ýaly edip saklamak, eklemek.

  • Ene süýdün däl-de, el süýdün berip, Biz ony ösdürdik, kökenek gerip. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Meniň el süýdüni berip terbiýelän ýetimegim galypdy. («Görogly» eposy)

el tutuşyp işlemek

Agzybirlik bilen işlemek.

el ujundan etmek

Bir işi yhlas bilen etmezlik, göwünli-göwünsiz etmek, çala-çula etmek.

  • Hemme zady el ujundan edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

el urmak

  1. Özüňe degişli bolmadyk zady özleşdirmek, almak, öz tarapyňa geçirmek.

    • Men ajymdan ölsem-de, haram mala el urmaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Hoja köpüň malyna el urýarmyş. («Zähmet gahrymanlary»)

  2. Iş etmek, bir işe girişmek, iş bilen meşgul bolmak, bir zat edip başlamak.

    • Öýde belli işe elini urman, Aýlandy ikiýan bir ýerde durman. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Ussadan geňeşsiz hiçbir adamyň skwažina el urmaga haky ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Gahar bilen birin urmak, ýençmek, kakmak.

    • Hiý-de adama, onda-da aýala el urarlarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Aýal maşgalany zorlajak bolmak, zorlamak bolup synanyşmak.

    • Asyl Mährijemal hem soragda: --Maňa «el urdy!» -- diýip görkezipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Bally gotur maňa «el urjak» bolanda, bar, uýaňa ýapyş! -- diýdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

el uzatmak

  1. Birine ýardym bermek, kömek etmek, birini arkasyny tutmak.

    • Kim maňa el uzatsa, men şonuňky. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir iş etmäge synanyşmak, almak, öz tarapyna geçirmek.

    • Şu günden şeýläk iliň gyzyl-tyllasy meýdanda çaşyp ýatsa hem, şoňa men elimi uzatman. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  3. Birine zyýan ýetirmek, degmek.

    • Aryga el uzadanyň men goluny omurdanyndan omrup taşlaryn. (A. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

el üzmek

seret el götermek

  • Burawy ýaňadandan ýola salmak mümkinmi ýa ondan bütinleýin el üzmelimi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Indi ondan el üzäýmeli bolarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Men toprakdan el üzmen. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

el ýalamazlyk

Bir zatdan peýda görmezlik, gazanç etmezlik, haýyr görmezlik.

  • Eýran patyşasy türkmen topragyna näçe çozsa-da, onçakly el ýalan däldir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bu tutýan pikiriňden el ýalamarsyň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

el ýaly

Möçberi uly bolmadyk, kiçijik, az.

  • Men öz gotur geçimi gaýgyrman, sürä goşmadym, sen bolsaň elim ýalak çagany gaýgyraňok! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • El ýaly çörek.

el ýetmek

  1. Wagtyň bolmak, ýetişmek.

    • Şol mahal düşünjek bolmaga eli hem ýetmeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zat etmäge mümkinçiligiň bolmak.

    • Gördüňmi, oba adamlarynyň meň bilen sözleşişlerini! Näme üçin diýseň, indi meniň elim uzadan ýerime ýetýär. (N. Saryhanow, Arzuw)

    • Gadym döwürdäki ýaly biz näme çörege zarmy, elimiz uzadan ýerimize ýetmeýärmi?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň elleriniň ýetmeýän ýeri bolmaly däl ahyryn! (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

el ýetmez

Gymmat baha, gerekli, taýsyz, tapylgysyz.

  • Özüni bolsa doktorçylykdan el ýetmez şaha hasaplaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bolduň meň başyma el ýetmez akja guş! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

el ýuwmak

Hemme zatdan çykmak, mal-mülksiz galmak, girdejisiz, düşewüntsiz bolup çykmak.

  • Garry awçy ähli maşgaladan, ýer-suwdan el ýuwup, bir wagt obadan çykyp gidýär. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  • Ýyl boýy çeken zähmetinden el ýuwup çykýan wagtlary-da az bolmaýardy. («Zähmet gahrymanlary»)

el ýüzünde goýmak

Bir zady aňsatlyk bilen alar ýaly ýerde goýmak, saklamak.

  • Aýu, men-ä gelnimiz Bibi jana dakjak şaý-seplerimi el ýüzünde goýjakdyryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

el-aýagyňy ýitirmek

Özüňi ýitirmek, aljyramak, çaşmak.

  • Emma el-aýagyny ýitiribermezlik Göroglynyň oglanlykdan öwrenen käridi. («Görogly» eposy)

el-aýak ýaly

Her hili ýumşy ýerine ýetirýän, her hili işi edip bilýän.

  • Ol el-aýak ýalydy.

el-ele bermek

Biri-biriňe kömek bermek, arkalaşmak, agzybirlik bilen hereket etmek.

  • Nurgeldi bilen-de el-ele berip işlemek üçin maslahatlaşdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Biz onuň hemişe özümiz bilen bir hatarda el-ele berip öňe gitmegini isleýäris. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

elde saklamak

Birini ýa-da bir zady öz ygtyýaryňda saklamak, öz erkiňe boýun egdirmek.

  • Ony elde saklamak gerek.

elden bermek

seret elden gidermek

  • Ol sypaýyçylygy elden bermedi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Eserdeňligi elden bermedi, seni hem tutup tama dykarlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ol pursady elden berjek däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

elden çekmek

Halas etmek, gutarmak; kömek etmek, ýaran bolmak.

  • Şeýdip doktor çekdi meniň elimden. (A. Mergenow, Goşgular)

elden çykarmak

seret elden sypdyrmak

  • Şeýle wagt biz erkegimizi nähili elden çykaryp bileris. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Biz muny elimizden çykarmarys. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

elden çykmak

  1. Arany açmak, daşlaşmak, ýok bolmak;.

  2. Bir zady etmek, çykarmak, ýasamak, bejermek.

    • Biziň elimizden çykan zadyň ýaramazy bolmaz. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

elden düşmezlik

seret elden-ele geçmek

elden geçirmek

Bir zat bilen iş salyşmak, barlap görmek, seredip çykmak.

  • Sona kän tomlary elden geçirdi. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)

  • Baganany bir baş elden geçirip, onuň ýokary sortdan kabul edilmegini gazandylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

elden gelmek

Bir zady başarmak, oňaryp bilmek.

elden gidermek

Goldan çykarmak, mümkinçiligi elden bermek, bir zady öz wagtynda peýdalanyp bilmezlik.

elden gutarmak

Halas etmek, boşatmak, dyndarmak.

elden sypdyrmak

Gaçyrmak, pursady, mümkinçiligi gidermek.

  • Pursady goldan bermek gerek däl, Pökgen aga ony elden sypdyrsaň, gaýdyp tutup bilmersiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

elden tutmak

  1. Kömek bermek, goldamak;.

  2. Birini etmişiniň (ogurlygynyň) üstünde tutmak.

    • Kim meniň elimden tutupdyr?

elden gutulmak

Boşamak, sypmak, çykmak, dynmak, halas bolmak.

  • Iňlisleriň elinden gutulyp bilerinmi?! (M. Ibrahimow, Ol Gün Gelen)

elden-aýakdan çykmak

  1. Bir işi etmejek bolup horlanmak, kynçylyk görmek;.

  2. Joşgunly duýgy görnüşli, gahar-gazaply hereket etmek.

    • Elden-aýakdan çykyp gygyrýan, käte göreş edýän çaglary-da bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Toýjan dogrusyny aýdaýsa aňlyşyna görä ussa elden-aýakdan çykjakdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Elden-aýakdan çykyp, gyzyna bakan goluny sallap gepledi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

elden-aýakdan düşmek

Iki baka urunmak, gykylyk etmek, çarpynmak.

  • Ýasawullar gyzy alyp girmekçi bolalarynda, çörek bişirýän aýal elden-aýakdan düşüp, gykylyk edipdir. (Myraly)

  • Onda Doýduk elden-aýakdan düşüp, gykylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

  • Emma Toýjanyň ejesi Durdygözel şol habary eşidenden elden-aýakdan düşüpdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

elden-ele geçmek

  1. Biriniň eýeçiliginden ikinji bir eýeçiligine, ygtyýaryna, garamagyna geçip, çalşyp durmak.

    • Käbir punktlar bir günüň içinde elden-ele geçýärler. Şol ýerde gazaply söweş barýardy, şäher elden-ele geçýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir adamdan ikinji bir adama geçmek, ýaýramak, elden düşmezlik.

    • Ol elden-ele geçip, daş ýüzüniň nagyşlary ýitip giden kitaby eline aldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Ullakan çilim elden-ele geçýär. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ol kagyzlar bu wagtlar elden-ele geçip ýörendir. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

ele almak

  1. Bir hünäri, käri, tilsimi öwrenmek, bilmek, özleşdirmek.

    • Seniň edýän käriňi öwrendim, aldym ele. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

    • Onda bu hünäri ele almaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Öz erkiňe boýun egdirmek, öz diýeniňi etdirmek.

    • Ony ele alsak, derde ýarar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Özüne erk etmek, özüňi dürsemek.

    • Täzegül, her niçik-de bolsa, özüni ele aldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ele bakmak

Biriniň kömegine garaşly bolmak, bakna bolmak.

ele düşmek

  1. Bir zady edinmek, ele salmak, özüňki etmek, gazanmak.

    • Ýaňky kitabyň elime düşenine şu ýyl dogry kyrk ýyl bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ele düşenjesini berýärdi.

  2. Tutulmak, üsti açylmak, syry bilinmek.

    • Meniň adym hem ele düşdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Gepiň tümmek ýeri, tä oglanlar ele düşýänçäler, gije ýatman saklamaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Iki ofiser diriligine ele düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sen, keýigim, indi bary bir, ele düşdüň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ele düşürmek

  1. Bir zatly bolmak, edinmek.

  2. Tutulmak.

ele geçirmek

seret ele salmak 1

  • Täji-tagty ele geçirenden soň, onuň iň mukdar gylyklary ýüze çykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ele ilmek

seret ele düşmek

  • Ol ele ilmän, tussaga ilişmän ýeserlik bilen sypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýatan ýigitleriň biri eline ildi. («Görogly» eposy)

ele salmak

  1. Öz ygtyýaryňa geçirmek, basyp almak.

    • Emma Gyraty nähili edip ele salmaly! («Görogly» eposy)

  2. Öz erkiňe boýun egdirmek;.

  3. Tapmak, tutmak.

    • Biz ony haçan-da bolsa ele salarys! (N. Pomma, Egri Eýikmez)

    • Sen ýanyňa bäş-on adam alyp, ony ele sal! («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Ol günki gaçyp gidenleri ele saljak bolmaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bular tüýs ýerinden geljek ogry, bulary ele salmagyň alajyny etmek gerek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

eli açyk

Gysganç däl, sahy, jomart.

  • Öz ýumşak häsiýetliligim, ile ýaramlylygym we eli açyklygym üçin şol ady aldym ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eli açyklyk

Gysganç dällik, jomartlyk, sahylyk.

eli agyr

Eden işi kynlyk bilen amala aşýan, kynlyk bilen şowuna düşýän, eli ýeňil bolmadyk.

eli agzyna ýetmek

Ykdysady taýdan özüňi tutmak, gurplanmak, ulanmak.

  • Eli agzyna ýetse, baýtalçasyny satyp, bir alaşa almanyň arzuwyndady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ene-atasy aňrujy elleri agyzlaryna ýetse, özleriniň ýekeje ogullaryny öýerjekdiler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Hany, elim agzyma ýetsin, siz haramzadalar ondan soň görüň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eli arasa

Kişiniň hakyny iýmeýän, ak ýürek.

  • Ol çendenaşa dogruçyl, eli arrasa adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eli barlyk

Bir işiň hereketiň şeýle bolup çykmagynda daşyndan täsiriň, gatnaşygyň bar bolmaklygy.

  • Şol gurultaýyň çagyrylmagynda, maksadynda, alyp barjak işinde daşky döwletiň eli barlygy anykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol adamynyň eli bardyr -- diýip oýlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

eli barmazlyk

seret eli galmazlyk

eli boşluk

  1. Hiç zatsyzlyk, boş.

    • Ol eli boş gelipdir.

  2. Öz ygtyýarly, öz eliňde bolmaklyk, näme edeýin diýseň, edip bilmeklik mümkinçiliginiň bolmaklygy, etjegini edip edip bilmeklik.

    • Eliň boş, näme gerek bolsa, erk özüňde! -- diýdi. («Görogly» eposy)

    • Näme etseň öz eliň boş, Emma weli maňa geňeş. (Çary Aşyr, Ýaş kilwanyň ýalňyşy)

  3. Belli bir wagt aralygynda işiň bolmazlyk, boşluk.

    • Eliň boş bolsa, kino giderdik.

eli çykmak

  1. Eliň bogny ýazmak.

    • Haýatdan ýykylyp eliň çykmak.

  2. Bir zada bolan endigiňi ýatdan çykarmak, başarjaňlyk ukybyňy ýitirmek.

    • Saz çalmakdan eliň çykmak;.

eli egrelmek

Ogrulyk etmek, ogurlamak.

  • Soňky wagtdan bäri onuň eli egrelip başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)

eli egri

Zähmeti siňmedik zady özleşdirijilik häsiýeti bolan, ogry.

eli egrilik

Ogrulyk.

  • Siz meni tanaýarsyňyz ahyry, heý mende eli egrilik gördüňizmi?! (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)

  • Bar zatdan beteri hem onuň eli egriligi!

eli galam tutmak

Hat ýazyp, okap bilmek, sowatly bolmak.

eli galmazlyk

  1. Birine fiziki taýdan zyýan ýetirmezlik, dözmezlik.

    • Oňa elim galmady;.

  2. Ters, bolmaz iş etmezlik.

    • Iliň zadyna eli galmaýar;.

  3. Bir işi etmekden saklanmaklyk, höwes bolmazlyk.

    • Şondan soň elim işe galmady.

eli getirmek

Oýunda utmak.

eli getirmek

Oýunda eliň çykmak.

eli gijemek

Uruşmaklygy islemek; iş etmekligi islemek.

  • Wagt geçip barýar, eli gijeýär! -- diýip, Serýožka oturan ýerinden aýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eli gysgalyk

seret eli ýukalyk

eli keltelik

seret eli gysgalyk

eli köp

Kömek berýänleriň ýeterlik, köp bolmaklygy.

  • Agzy köp aşa ýagşy, eli köp işe. (nakyl)

eli sowamak

Edýän işine bolan höwes gaçmak, sowuk-sala garamak, bir işi göwünli-göwünsiz etmek.

  • Onuň edýän işinden eli sowapdyr. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Şeýle ýagdaýdaka Watanyň-iliň niçik bor, sowatsaň işiňden eliň?! (A. Kekilow, Söýgi)

  • Bu hakda pikir etseň, okuwdan eliň sowaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eli süýjülik

Biriniň bişirýän naharynyň hemişe tagamly, süýji bolmaklygy, tagamly nahar bişirmeklige ökdelik.

eli uzynlyk

Her bir mümkinçiligi bolmaklygy, gurply, barly bolup, edeýin diýeniňi edip bilmeklik.

  • Olaryň elleri uzyndy, uzadan, ýerine ýetirýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Eli uzynyň dili uzyn. (nakyl)

eli üzülmek

Aragatnaşyk kesilen bolmak, daşlaşmak.

eli ýarag tutmak

Ok atmaga, urşa ýaramak.

eli ýeňil

Başarjaň, ökde.

eli ýuka

Harç etmäge zady ýeterlik bolmadyk, puly az.

eli ýukalmak

Güzeran üçin harç puluň azalmak, ýagdaýyň peselmek.

eli ýukalyk

Harjyň azlygy, harçsyzlyk, sowmaga zadyň bolmazlygy.

  • Dostum, aýyplaşmarsyň, bu günler biziň elimiziň ýukarak wagtlary boldy, saňa hezzet-hormat hem edip bilmedik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

elini-aýagyny baglamak

Bir zada päsgel bolmak, mümkinçilik bermezlik.

  • Kör halyma Gulýanyň elini-aýagyny baglamaýyn diýdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Meniň el-aýagymy baglaýan şu çagalar-diýdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

eliň aýasy ýaly

Düz, tekiz (ýer hakda).

eliň aýasynda saklamak

Oňat saklamak, seretmek, mähirli garamak, alada etmek.

  • Şunuň ýaly ärim bolsa, men elimiň aýasynda saklardym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Hatyja olary eliniň aýasynda saklaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

eliň üsütnde saklamak

Birini oňat ekläp-saklamak, birine oňat seretmek.

eliňde baryny etmek

seret eliňden gelenini etmek

  • Ýoldaşyňy ölümden halas etmek üçin, eliňde baryňy etmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eliňden çekilen ýaly bolmak

Keselden gutulmak, sagalmak.

eliňden dür dökülmek

Edýän işiňi gowy başarmak, işe örän ökde bolmak.

eliňden gelenini etmek

Mümkin bolan hemme zady etmek, bar güýjüň bilen hereket etmek.

  • Olar elinden gelenini edýärdiler.

eliňden gelmek

Bir zady edip bilmek, amala aşyrmagy başarmak, oňarmak.

  • Emma ol onuň elinden gelmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

eliňden iş gelmek

Işe ökde bolmak, her bir işi başarmak, her bir işden baş çykarmak.

  • Eliňden iş gelýän adam.

eliňe kakmak

Birine ters, ýaramaz iş etdirmezlik, duýduryş bermek.

  • Ol gaty gidýär, eline kakmak gerek.

eliňi burnuňa sokmak

Iş başarmazlyk, iş başarman öwrülmek, boş gelmek.

  • Biziň asla öýmüz bolmaz, Baýyňka men baryp bilmen; Iki elimi burna sokup, Baý gaşynda durup bilmen. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

  • Onuň garagalpaga beren bagty ýaly bagt alyp gitmesem, men elimi burnuma sokup barabilmerin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eliňi sowuk suwa urmazlyk

seret eliňi ýatan çöpe urmazlyk

  • Ol elini sowuk suwa urmaýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol özüniň jahyllygyny alty doganyň biri bolup, elini yssy suwdan sowuk suwa urman, jalaýlyk edip geçiripdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

eliňi ýatan çöpe urmazlyk

Hiç zat etmezlik, hiçbir iş bilen meşgul bolmazlyk, hojalyk işlerine kömekleşmezlik.

  • Ol birnäçe ýyllap elini ýatan çöpe urmasa-da, hiçbir zada mätäç bolmajagyny ol adamlar duýmadylar, asyl, ol olaryň ýadyna-da düşmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

iki elläp ýapyşmak

Bir işe yhlas bilen girişmek, bir zady höwes bilen etmek.

kişi eli bilen ot gorsamak

Janyňy gynamazlyk, özüňe agram salmazlyk.

meniň elimde däl!

Maňa bagly zat däl.

sag el

Iň ýakyn kömekçi, hemişe işi edýän.

  • Ol meniň sag elimdi.

ýeňsäňi el ýaly etmek

Tiz, eglenmän gitmek, ýok bolup, güm bolup gitmek.

  • Onsoň şol saçagy goltugyma gysdym-da, ýeňsämi el ýaly edäýdim. (A. Gowşudow, Goşgular we Pýesalar)