[eka:byr]
Ýaşy taýdan uly bolan.
Atanyň ekabyr ogly mirasdan iki paý bolmalydyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öýüň ekabyry, ýaşulysy, kethudasy-da derrew gelniň özi boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Fiziki taýdan güýji artyk bolan, güýçli, zor, kuwwatly, dogumly.
Şu meýlisiň dilewarragy hem ekabyrraklarydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ekabyr Gaýly ätiýaç üçin, gapynyň deşiginden jyklap, garrynyň ýapdaýyny barlaýardy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Jigitleriň ekabyrlaryndan biri başyny galdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol örän düşbi, ekabyr oglandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)