[eji:zlemek]
Güýçden-gurpdan düşmek, güýç-kuwwaty az bolmak, güýçsüz bolmak, ysgynsyz bolmak.
Kempiriň şeýle ejizläp ýatmagyna dözmän, ony öz jaýyna alyp barýar. («Görogly» eposy)
Ylaýta-da Kerimiň eline düşen ejizläpdir. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Üzülen, ejizlän ýerlerini ýaňadandan sepledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Pese düşmek, asgynlamak, gowşamak.
Hiç wagt şeýle ýagdaýa düşmändi, hiç wagt şeýle ejizlemändi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sen beýle ejizleme! (N. Pomma, Egri eýikmez)
Çaknyşyk netijesinde Reýhan ejizleýär. («Görogly» eposy)
Uludan demini aldy-da, boýnuny burup, ejizlän ýaly boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Hor ýagdaýda bolmak, biçäre halda bolmak.
Ol soňky wagtlarda has ejizledi.