[eji:z]
Güýji bolmadyk, güýç-kuwwaty az bolan, güýçden düşen, güýçsüz, ysgynsyz.
Meniň gylyjym ejiz adamlara garşy uzamaz. («Görogly» eposy)
Emma beýle çolaşyk meseleleri çözmekden meniň başym ejiz. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Göçme manyda Hor, biçäre, nalaç.
Emma onuň hiçbir zada güýji ýetmän, ejiz galanyny-da hak-hukuksyz aýal bolup doganyndan hasaplaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Özünden asgyny horlaýan, zulum edýän.
Men dogan okaşan adamyma, ýeňlenini boýun alýan adama ýamanlyk etmegi, ejize ganym bolmagy gowy görmeýän. («Görogly» eposy)