Fiziki ýa-da ahlaky, ruhy taýdan bolan horluk, jebir, azap, jepa, sütem.
Onuň ýüzünde ruh ýok, biçäre gözleri hasrat hem ejirden doldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Meniň dilim seniň bize berýän ejirleriňden uzyn däldir. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Köplere ejirdiň azlara rähnet. Bütin taryh baýy, eý beýik zähmet. (A. Kekilow, Söýgi)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem ejir - ejri.
Horlukda gün geçirmek, hor bolmak, azap, jepa çekmek.
Gara günde garyplygyň ejrini öz gerdenim bilen çekendirin. (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)
Men pahyr ejir çekip, çölde goýun üstünde. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Kapaslykdan ejir çeken adam ýaly, öwhüldäp dem aldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)