Çagany dogran, çagasy bar aýal, ene.
Ejesi hem eli bedreli gölesini goýberip, sygryny sagmaga barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Megerem, ýaňky setirleri ýazan mahalynda, ol özüniň mähriban ejesini unudan bolmagy mümkin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sen dörärsiň diýip bolsa, ejeň ikimiziň göwnümize-de gelmändi. (K. Jumaýew, Dört oglan)
Myrat öýe gelende, onuň ejesi Nabat okara-çemçelerini stoluň üstünde goýuşdyrýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Ýaşy bir çene baran aýala hormat üçin onuň adyndan soň getirilip aýdylýan söz.
Bir gün Berdi aga bilen Aknabat eje ertirki çaýlaryny içip otyrdylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bike eje oglunyň bolşuna köp wagtdan bäri göz astyndan syn edip, bir zadyň bardygyny aňýan hem bolsa, oňa gitdiň-goýduň diýip azar bermeýärdi. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Dogrusyny aýdanda Nabat eje şol süýji hyýal bilen ymyzganypdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)