[eja:p]
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ejap - ejaby.
Birinden ýa-da bir zatdan utanmak, çekinmek, ätiýaç etmek.
Anton aga çagalardan soramaga ejap etdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Özünden özi ejap edýän wagtlar hem bolýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Siziň gözüňize görünäge ejap edip, öýe bakan ökje göterendir. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Onuň seredişinden geplemesiniň gelýänligi, özüniň geplemän oturmagyna ejap edýänligi, özüniň geplemän oturmagyna ejap edýänligi we şuňa gynanýanlyygy görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Olardan ejap edýän ýaly haşlap dem aldy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)