egrilişmek işlik

Bir ýere, bir zadyň daşyna ýygnanyşmak, toplanyşmak, üýşüşmek, köpçülik bolup oturmak.

  • Çagalar goşda ýanýan çerkez odunyň töweregine egrilişip otyrdylar. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

  • Bu wagt aşak çöküşip, Kerimiň daşyna egrilişen esgerleriň hemmesiniň gulaklary barmagyny çommaldyp gepleýän komandirdedi. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

  • Olar maşynyň töweregine egrilişdiler. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Çyranyň daşyna egrilişip uka gitdiler. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)