egri

  1. Dogry bolmadyk, egrelip gidýän, gyşyk.

    • Onuň egri aýaklary batgadan sogrulýan ýaly edilip, jansyz gözleri küle taşlanan mäz ýaly sämäp göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Agyr ýükli erkekler egri boýunlaryny süýndürip, gadam urýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ondan soň ol ýene şähere gidip, sapy egrije, ala-mulaja taýajyklar alyp geldi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Agyr göwresine gysga egri aýaklary edem bermeýän hojaýyn azm urdy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

    • Eleýş egri çünki bilen etleri çöpleýärdi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  2. Göçme manyda Özüni dogry alyp barmaýan, garşy gidýän, tersçillik edýän, ters hereket edýän.

    • Dogry egri bilen dost bolup bilmez. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bu tankytdan ýalta, egri ugur alyp, Işde öňde, toýda keýpi çag bolsun. (N. Pomma, Egri Eýiksiz)

    • Egri azar, dogry ozar. (nakyl)

egri basmak

Dogry iş etmezlik, ýaramaz iş etmek.

  • Eger-de Çarynyň ýa-da Hoşgeldiniň aýaklaryny egri basan ýerlerini tapaýsam, dogry raýkoma baraýyn-da: -- Ýa men, ýa-da şolar! -- diýeýin, bolmasa boljak däl. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

egri oturyp dogry gürleşmek

Ýüzbe-ýüz, açyk gürleşmek, hakykaty aýdyşmak, söz gizlemezlik, gyşarnyksyz, dogry sözleşmek.

  • Öwez han, biz olar bilen egri oturyp, dogry gürleşeris! (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

eli egri

seret el1

  • Durdy seniň özüň-ä däl, aýalyna-da eli egri diýýär. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

  • Aýdyşlaryna görä, onuň eli hem egrimişin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)