Gyşarýan ýerleri köp bolan, dogry bolmadyk, egri-bugry, egri, gyşyk.
Garýagdy egrem-bugram okopyň nähili kynlyk bilen gazylandygyny bilmeýärdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Indi olar beýik dagyň egrem-bugram jülgesi bilen dogry gündogara ýöreýärdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Tigirler egrem-bugram joýalary yzarlap barýany üçin, maşyn pýan ýaly çaýkanýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Artygyň öz yzynda galdyran egrem-bugram ýoly Aýnanyň ýüregini iltenen erşiň beýleki ujy ýaly süýnüp gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)