egrem

  1. Bir zadyň gyşarýan ýeri, aýlanýan egri ýeri, aýlaw, öwrüm.

    • Ol bir köne ýabyň egreminde buky gurady. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

    • Dag başyndan syryp gelýän egrem ýol demirgazyga sowuldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

    • Gözleriniň egremini güldürip goýberdi. («Görogly» eposy)

  2. Toýnaklaýyn egrem-bugram bolup gidýän dürli reňkli nagyş, keşde.