egrelmek eg‧rel‧mek işlik

  1. Egri bolmak, göni bolmazlyk, gyşarmak, bükülmek.

    • Onuň burny ýyrtyjy guşuňky ýaly egrelipdir. (M. Gorkiý, Ene)

    • Burnuň nähili, haram guşuň çüňki ýaly egrelip, oraga dönüpdir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol egrelen bilini göneldip gerindi-de, hal-ahwal sorady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu ýeri uly tirsek-bolup, egrelip ýatyrdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  2. Göçme manyda Ters ugur bilen gitmek, bir zada garşy bolmak, hakykatdan, dogry ýoldan gyşarmak.

    • Meniň ýolum gaty dogrudyr, indi ony hiç kim egreldip bilmez! -- diýip, Gurt berk aýtdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

eli egrelmek

seret el 1

  • Wah, nädersiň, soňky wagtda onuň elem egrelip başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)


Duş gelýän formalary
  • egreldi
  • egrelen
  • egrelende
  • egrelendir
  • egreler
  • egrelip
  • egrelipdir
  • egrelme
  • egrelmegi
  • egrelmeginde
  • egrelmegine
  • egrelmeginiň
  • egrelmek
  • egrelmekden
  • egrelmeler
  • egrelmelerde
  • egrelmelere
  • egrelmelerinde
  • egrelmelerine
  • egrelmelerini
  • egrelmeleriniň
  • egrelmeleriň
  • egrelmesi
  • egrelmesine
  • egrelmesiniň
  • egrelmeýän
  • egrelmäge
  • egrelmän
  • egrelmäni
  • egrelmäniň
  • egrelmäň
  • egrelýän
  • egrelýär
  • egrelýärler