Bir zadyň uçlaryny biri-birine ýakynlaşdyryp, duga görnüşinde etmek; başyny, ýokary tarapyny aşak bükmek, epmek, tutmak, gyşartmak.
Düzüm-düzüm gozalar gowaçalaryň şahalaryny aşak egipdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Agaçlar üstlerine oturan tozanlaryny göterip bilmän, köp miwe getiren ýaly başlaryny aşak egipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Çekilýän jylaw Meleguşuň altyn boýnuny ýaý ýaly egýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Küýzäniň bilini çep aýagyna söýäp, ony egdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Gury agajy egmegin, degmedige degmegin. (nakyl)
Göwresi öňe eňňit edýän, bükürräk (adam).
Ol jüýkburun, egmejik adamdy. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Topazburnuň gaňrak ýaly egmek göwresi dikilen ýaly boldy. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Boýunlar ýygyrtlaşan, uzyn, arryk, egmek kösä şol talaňdan zat ýetmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret baş 2
Ol iki elini uýlugyna diräp, baş egip salam berdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Başyn egip bu gelin, «Düş» diýip yşarat etdi. (A. Alamyşow, Sona)
Bir adamyň öňünde baş egmek, boýun burmak bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Çarwalar Artyga baş egmäge taýyndylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men bu ajaýyp ylymyň öňünde baş egýärin. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)
seret boýun
Eýranda bolan kazak komandowaniýesi Maşada gelen iňlis harby missiýasyna boýun egipdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)