egme

  1. Käbir ýerlerde türkmen aýallarynyň börüginiň öňüne dakylýan tutuş uly şaý.

    • Çaklaňrak börüginde gyzyl egme ýaldyrap dur. (G. Nepesow, Goşgylar)

    • Muhammet pikirlerini soňlap-soňlamanka, göwüslek aýal Aýyň ýagtysyna altyn çaýylan egmesini ýalpyldadyp çykdy. Ol mahmaly silkip goýberdi welin, ullakan egmeli börük mahmal bilen birlikde aşak gaýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Aşak bükülýän, epilýän, bükme, epme.

    • Ýükli arabalar egme taýakly guýynyň golaýynda saklandy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)