eglenmek eg‧len‧mek işlik

Bir ýerde bir sebäp bilen mümkin ýa-da gerek bolan wagtdan köp saklanmak, bolmak; gijä galmak, öz wagtynda gelmezlik.

  • Ol onuň bilen gürleşip, ep-esli eglendi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Kakasy köp eglenensoň, Myrat aladalandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Durdy aga raýonda bir iki gün eglenmelidi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)


Duş gelýän formalary
  • eglendi
  • eglendiler
  • eglendim
  • eglendiň
  • eglenen
  • eglenenden
  • eglenene
  • egleneni
  • eglenenim
  • eglenenini
  • egleneniňi
  • eglenenlerini
  • eglenensoň
  • eglener
  • eglenerdi
  • eglenere
  • eglenerin
  • eglenerini
  • eglenesi
  • eglenesim
  • eglenip
  • eglenipdi
  • eglenipdir
  • eglenjeginden
  • eglenjek
  • eglenme
  • eglenme-de
  • eglenmedi
  • eglenmediler
  • eglenmedim
  • eglenmegin
  • eglenmek
  • eglenmeklik
  • eglenmekçi
  • eglenmeli
  • eglenmelidi
  • eglenmerin
  • eglenmeris
  • eglenmese
  • eglenmesi
  • eglenmesinler
  • eglenmez
  • eglenmezdiler
  • eglenmezdim
  • eglenmeýärdiler
  • eglenmäge
  • eglenmäli
  • eglenmän
  • eglenmändigini
  • eglenmändirler
  • eglenmänem
  • eglenmäniň
  • eglenmäň
  • eglense
  • eglense-de
  • eglensem
  • eglenseň
  • eglensin
  • eglenäýmeginiň
  • eglenýän
  • eglenýäne
  • eglenýär
  • eglenýärdi
  • eglenýärler