eglemek işlik

Bir iş ýa-da bir sebäp bilen birnäçe wagt saklamak, duruzmak, saklap durmak, gijikdirmek.

  • Ony näme üçin egleýärsiň? ! (D. Agamämmedow, Goşgular we hekaýalar)

  • Garly, öý salgydyny tizräk tölegin, egleseň, özüň üçin ýagşy düşmez. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Hekim aga, asyl eglemen! -- diýip, dişini syrtardyp güldi. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

  • Dostuňy egleme, nepden galmasyn, Duşmanyň saklama, syryň bilmesin. (nakyl)