egirmek e‧gir‧mek işlik

  1. Süýümi towlamak, burmak bilen sapak etmek, eriş etmek.

    • Garry ene ýüp egirýär, gulaç dokaýar, onuň-munuň ýüpegini çekip berýär, kişi hyzmatyny edýär, garaz, ýykma-ýykylma bir mydar bilen gün dolandyrýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Nurjahan igini egirmäge başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Inçe egrip, nepis edip dokardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Bir ýere, bir zadyň daşyna ýygnamak, toplamak, üýşürmek, goýmak, oturtmak.

    • Ol bu wagt päkize stoluň daşyna myhmanlaryny egirdi. (B. Kerbabaýew, Kümüş)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem egirmek - egrer, egripdir.


Duş gelýän formalary
  • egirdi
  • egirme
  • egirmegiň
  • egirmek
  • egirmekde
  • egirmeklik
  • egirmeli
  • egirmäge
  • egirseň
  • egirýän
  • egirýär
  • egirýärdi
  • egirýärler
  • egrem
  • egrende
  • egrerdi
  • egrip
  • egriň