eginbaş

Egin-eşik, geýim-gejim, bedene ötülýän zatlaryň jemi, geýilýän geýimleriň hemmesi.

  • Ol heniz hem özüniň gadymy eginbaşynda gezýärdi. Kelje gidip, Wepanyň öýlerinden kitaplaryny hem eginbaşlaryny kiçijik çemedanjygy bilen alyp geldi. Wepanyň özüne laýyk tikilen bir laý araçäkli esgerleriň eginbaşyny-papagyny, ädigini sylag berdi. (A. Gowşudow Mähri-Wepa)

  • Olar derrew nazarlaryny Oguljana dikdiler we eginbaşlaryny kakyşdyryp ugradylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gelen gelniň bir-iki laý eginbaşyndan başga sepi ýokdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)