egin e‧gin

  1. Goluň pilçe bilen sepişýän ýerinde boýna çenli bolan, gysga aralyk gerden.

    • Onuň eginlerinde pagonlar hem bardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Ol welin, ýitirip tapan ýaly, meniň egnime bat bilen kakdy. («Tokmak» žurnaly)

    • Birnäçe ýerde olaryň tapanlaryny eginlerine salyp köpli ýerlerine-de rast gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bütin göwre üst, üst, üst-baş.

    • Onuň egninde gyzyl dony, bilinde nagyşly gara ýüň guşagy bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Soňra egnindäki haladyny çykaryp, tamyň diwaryna asdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Onuň egnindäki köýnegi sal-sal bolupdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Onçakly uly bolmadyk beýiklik, depe.

    • Onsoň obanyň ilerisindäki egine çykyp, yzyna garap durdum. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem egin - egni.

bir egne

Üznüksiz, birsyhly, dynuwsyz.

  • Ol Medeniýet ministriliginiň garamagyndaky edaralaryň birinde bir näçe ýyldan bäri bir egne işläp gelýär. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

  • Bir egne 17 ýyl başlyk boldum. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

egin bermek

Ýaý bermek, egrelmek, egmek, ýegşerilmek.

egne kakmak

  1. Biriniň egnine el degrip, oňa bir zat hakynda duýdurmak.

  2. Ýaşy uly türkmen aýalynyň özünden kiçi aýal maşgala bilen salamlaşygynyň bir görnüşi.

egnini deňlemek

Ýörişde biriniň yzyndan ýetip deňleşmek, ýakyn gapdalyndan gitmek; bir zatda biriniň yzyndan ýetmek, onuň bilen deňleşmek.

  • Ýoldaşy bilen egnini deňledi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýetdi-de, gyz bilen deňledi egni, Ýene gaýtalady öňki soragny. (M. Seýidow, Çoluk)

egniň bilen çekmek

Öz eden ýamanlygyň özbaşyňa gelmek, birine eden ýamanlygyň üçin özüň jeza çekmek, eden ýalňyş işiň özbaşyňa düşeni öz güýjüň bilen alyp çykmak.

  • Öz eliň bilen edeniňi egniň bilen bilen-de çekmeli bolduň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gel, indi ýola özüm çykaýyn, Ýalňyşsamda-da egnim bilen çekeýin. (Çary Aşyr, Pälwanyň Ýalňyşy)

  • Eli bilen eden, egni bilen çeker. (nakyl)

egniňden gum sowurmak

Öz diýeniň diýip oturmak, baş bermezlik, boýun aldyrmazlyk, bir tutanyňy tutup oturmak, bir zady inkär etmek, öz peýdasyna, tersine tutmak, haýýarlyk etmek.

  • Şamyrat, egniňden sowurma! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

egniňi gysmak (ýygyrmak)

  1. Sesiňi çykarmazlyk, ses çykarman oturmak, sesiňi çykarman durmak, sesiňi çykarman ýörmek.

    • Siz olara baryp, egniňizi gysyp duryň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zada düşünmezlik, haýran galmaklyk, geň galmaklyk, geň gatyňy etmek.

    • Hobotow eginlerini gysdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  3. Oňşuklylyk, çydamlylyk etmek.

    • Egnimizi ýygryp hem halys ýadadyk. (D. Agamämmedow, Goşgylar we Pýesalar)

iki egniňden dem almak

Kesellilik zerarly agyr ýagdaýda bolmak.

  • Sadap baý iki egninden dem alýan ortanjy gelnini görende: -- Waý, nalajedeýin! -- diýip, içini çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • eginde
  • eginden
  • egindäki
  • eginler
  • eginlerde
  • eginlerden
  • eginlere
  • eginleri
  • eginleri-de
  • eginlerimiz
  • eginlerimiň
  • eginlerinde
  • eginlerinden
  • eginlerindäki
  • eginlerine
  • eginlerini
  • eginleriniň
  • eginleriň
  • eginli
  • eginlik
  • eginlilik
  • egne
  • egni
  • egnim
  • egnimde
  • egnimden
  • egnimdäki
  • egnime
  • egnimi
  • egnimiz
  • egnimizde
  • egnin
  • egninde
  • egnindedi
  • egninden
  • egnindäki
  • egnine
  • egninem
  • egnini
  • egniniň
  • egniň
  • egniňde
  • egniňden
  • egniňdäki
  • egniňe
  • egniňi
  • egniňiz
  • egniňizden
  • egniňizdäki
  • egniňize
  • egniňizi