Özüň üçin etmek, özüň üçin ýerine ýetirmek, özüň üçin amala aşyrmak, özi üçin bolmak.
Çaý içip, agşam naharyny edinenlerinden soň, bular ýatdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir maşgala ýaly bolup nahar edinýärler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Özüň üçin almak, bir zatly bolmak alynmak.
Men gelni eýýäm edinjekdim. (D. Agamämmedow, Goşgular we pýesalar)
Aýna bäşläp-üçläp janly edindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)