edebiýat at

[edebiýa:t]

  1. Umuman ýazuw formasynda bolan eserleriň jemi, hemmesi.

    • Olar her daýym şähere edebiýat almak üçin gidýärler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Söz arkaly durmuşy suratlandyrmak, çeper obrazlary döretmek ýaly häsiýetli aýratynlyklary bolan sungatyň bir görnüşi.

    • Çeper edebiýat açylan güldür. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ol çeper edebiýat kitaplaryny-da okamagy söýýän adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Seniň goýup giden ençe mirasyň, Edebiýat mülküniň altyn hazynasy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Haýsy hem bolsa bilimiň bir görnüşi boýunça bolan eserleriň jemi.


Duş gelýän formalary
  • edebiýat-da
  • edebiýata
  • edebiýatam
  • edebiýatda
  • edebiýatdaky
  • edebiýatdan
  • edebiýatdanam
  • edebiýatdy
  • edebiýatdyr
  • edebiýatlar
  • edebiýatlar-da
  • edebiýatlara
  • edebiýatlarda
  • edebiýatlardaky
  • edebiýatlardan
  • edebiýatlary
  • edebiýatlarymyzda
  • edebiýatlaryna
  • edebiýatlarynda
  • edebiýatlaryndan
  • edebiýatlaryny
  • edebiýatlarynyň
  • edebiýatlaryň
  • edebiýaty
  • edebiýaty-da
  • edebiýatydyr
  • edebiýatymyz
  • edebiýatymyza
  • edebiýatymyzda
  • edebiýatymyzdan
  • edebiýatymyzy
  • edebiýatymyzyň
  • edebiýatyna
  • edebiýatynda
  • edebiýatyndaky
  • edebiýatyndan
  • edebiýatyndanam
  • edebiýatyny
  • edebiýatyny-da
  • edebiýatynyň
  • edebiýatynyňky
  • edebiýatyň
  • edebiýatça