[eda:ra]
Haýsy hem bolsa bir işiň bir görnüşi bilen meşgullanýan gurama.
Bir gün agşam kolhoz başlygy Han küýlini edarasyna çagyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Şu obada bu jaýa «täze durmuşyň edarasy» diýlip atlandyrylýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Kolhoz edarasynyň jaýynda Aman poşçy we birnäçe kolhozçylar otyrdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Şol buraw kontorasynyň edarasydy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Işi guramak, dolandyrmak, herekete, işe ýolbaşçylyk etmek.
Mübäşir erbabyň ýer-suwuny edara edýän adam. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Edaralary edara etmäge halkyň özüni gyzyklandyrmak gerekdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)