eda at

[eda:]

  1. Özüňi oňat alyp baryş, edeplilik, sypaýlylyk.

    • Gara gözli gaýtarma, Öýe girdi eda bile. (K. Gurbannepesow, Goşgular)

    • Onsoň eda bilen ýakynjak ýerde, Ornaşdy-da diýdi pessaý ses bile. (J. Ilmyradow, Aýgül)

  2. Ýardam, kömek.

    • Men eýläk urundym, beýläk urundym, hiç ýerden eda tapman, ahyrynda gurpdan düşüp ýykyldym. (Myraly)