Eleşan halda bolmak, göz-görüm bolup ýörmek.
Heý, seniň ýaly ebtini agdyryp, işe günortan gelýän barmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ebtiňi agdyryp durma-da, bar, eşigiňi çykaryp, ýuwnup gel! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň şol wagt gaty ebti agdyk aljyraňňylygy göýä bir gorkunç möjekden gaçyp gelýäne meňzeýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Nalajedeýin görnüşde bolan, tutuk, keýpsiz.
Ol ruhsuzdy, ebdi düşükdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)