Lezzet, rähnet, bagtlylyk.
Tüweleme, sen-ä ömrüňde görmedik eşrediňi gördüň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gök çaý bilen palawyň eşredinden görsene! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Göwnüme bolmasa, şeýle eşret maňa heniz ömürmde duş gelmedik ýaly bolup göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga hyzmat edýän haýyrly zat, maddy bolluk.