Eşidiş organy arkaly kabul etmek, gulaga ilmek.
Muny eşiden çagalar oýnuny taşlap, ýerli-ýerden oňa tarap eňdiler. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Ýola ýakyn gelemde, Bir hümürdi eşitdim. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Onuň sesini eşiden badyna, onuň oňly adam däldigini bildi. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Öz sesini güýçli ýelde çala eşidýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Eşidiş ukyby bolmak.
Ol oňat eşidýär, emma sen oňat eşitmeýärsiň!
Bir habary, maglumaty bilmek.
Çünki ol, Çernyşowyň öz ortýady bilen Mara baka öten gije çekilen habaryny eşidipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men başga zat eşitdim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Biziň şu ýerdedigimizi ol bir ýerden eşidip gelendir. («Görogly» eposy)
Diňlemek, gulak salmak.
Saz eşitmek.
Jemagat öňünde bir zadyň anygyna ýetmek, bir işe garamak.
Aýdylan zady berkleşdirmek, tassyklamak.
Eşidýärmiň, tizräk bol!
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem eşitmek - eşidýär, eşider, eşidipdir.