eşik

  1. Geýim, eginbaş, lybas.

    • Bu eşikler men halys irizdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Durdy ýyly eşiklerini geýdi. (N. Jumaýew, Dört dogan)

    • Öz ebtiňe seret, eşigiňi ýylda bir gezek täzeläp bileňok. (A. Durdyýew, Han küýli)

    • Ol geýen eşigini, balagynyň uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman süýräp, hopul-sopul gezerdi. (A. Durdyýew, Bagtly ýigit)

    • Sapa daşky eşiklerini geýip, köwşüni aýagyna gowallaň sokdy. (N. Esenmyradow, Ýaş naturalist)

  2. Bir zadyň üstüne ýapylýan zat, üst örtgi.

    • Bu atyň eşigine seret! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Bu garaja öýüň eşigi könelipdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eşik - eşigi.

eşigi bitmek

Egin-eşik edinmek, abat eşikli bolmak.