Gulagyň bilen eşitmek, gulaga ilmek.
Soňky günlerde ýerleriniň içinde traktorlaryň hem sesleri tarlap eşidilmeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Şol wagt koridoruň aňyrsynda galmagal eşidildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Şol wagtda bolsa Jonnuk batyryň gulagyna tanyş bir ses eşidilipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)
Iliň matasyny dokardy, tä il ýatýança onuň daragynyň sesi eşidilerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Mälim bolmak, aýan bolmak, bilinmek.
Onuň geljekdigi eşidildi.
Bir meselä seredilmek, garalmak, diňlemek.
Onuň hasabat doklady ertir eşidiljek.
Diňlenmek, gulak asylmak, gulak salynmak.
Ol wagtlar radio eşidilýärdi.