eşek at

  1. Gylýallar maşgalasyndan bolan boýy pes, ýüzi uly, gulaklary uzyn haýwan.

    • Ertesi gün Berdi aga eşegini münüp geldi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Başga bir tarapda eşek aňňyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýatymlyk ýoldan eşek bilen suw çeken Akmaýa däl, Atabaýdyr. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Onuň dört aýaklydan ýeke eşegi bardy. Eşegi ýüke çek, eşek ýüke gelmese, ýüki-eşege. (nakyl)

    • Iki at depişer, arasynda eşek öler. (nakyl)

    • Eşek hem öz deňini gaşar. (nakyl)

    • Eşek semrese, eýesini deper. (nakyl)

  2. Sögünç, gargyş.

    • Ol-a tüýs eşek ekeni. («Tokmak» žurnaly)

  3. Tarly saz gurallarynyň (dutaryň) kirşiniň aşagyna goýulýan agaç, söýeg, ýassyjak.

    • Dutara eşek etmek.

    • Dutaryň eşegini gaçyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eşek - eşegi.

aç eşege ýük

Agyr, uly.

eşegi dikgirdemek

Işi şowuna bolmak, işi ugruna gitmek.

eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly

Aýtdyň-aýtmadyň bary bir, biriniň bir zada üns bermezligi.

eşek mündi

Eşekçi bolanyň üstüne münlüp oýnalýan oýnuň ady.

eşekden palan alança görmezlik

Bir işi kynçylyksyz ýerine ýetirmezlik, ýeňillik, aňsatlyk bilen etmeklik.

eşekden ýykylan ýaly etmek

Birini aldamak, kynçylyga duçar etmek, aňka-taňka etmek.